2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Moskwa şäherinde patent esasynda zähmet işini amala aşyrýan daşary ýurt raýatlary bu rugsat beriji resminama üçin has köp töleg tölemeli bolarlar. Guramalarda we hususy telekeçilerde işleýän daşary ýurt raýatlary üçin aýlyk öňünden tölenýän tölegiň möçberi 11 müň rubla çenli ýokarlanar. Fiziki şahslaryň ýanynda zähmet çekýänler üçin bolsa bu töleg 15,6 müň rubla ýeter. Mundan başga-da, daşary ýurtly zähmet migrantynyň özüni we maşgala agzalaryny eklemek üçin eýe bolmaly iň pes girdejisiniň möçberine degişli talap girizilýär. Russiýada işe ýerleşmek üçin zähmet patenti bu ýurt bilen wizasyz düzgüni bolan döwletleriň, hususan-da, Täjigistanyň we Özbegistanyň raýatlaryna zerurdyr. Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza döwletleriň, şol sanda Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary patent resmileşdirmeýärler. Russiýa wiza esasynda gelýän Türkmenistanyň raýatlary, düzgün bolşy ýaly, işlemek üçin patent däl-de, iş rugsatnamasyny resmileşdirýärler. Patent diňe özüniň berlen sebitinde we diňe onda görkezilen hünär boýunça hereket edýär, onuň ahyrky bahasy bolsa sebit koeffisiýentine baglydygy sebäpli, Russiýa Federasiýasynyň her bir subýektinde tapawutlanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→