26-njy noýabrda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turusyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar özara düşünişmegiň ýokary derejesini, şeýle hem ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depginini bellediler. Bilim maksatnamalaryny we iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän akademiki alyş-çalyşlary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→