Türkmen türgeni Abdylla Babaýew «Fight Nights 145» ýaryşynda Täjigistanyň wekili Behruziddin Mardonowy ýeňdi. Ýaryş Moskwa şäherindäki «SSKA Arena» sport toplumynda geçirildi. Abdylla Babaýew eminleriň biragyzdan kabul eden çözgüdi bilen ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Babaýewiň hasabynda indi ýedi ýeňiş we bir ýeňliş bar. Ol söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, şeýle hem pankration boýunça dünýä we Aziýa çempionydyr.