Singapur we Awstraliýa kömürturşy gazyny serhetüsti daşamak hem-de jaýlamak üçin hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Şeýle ylalaşyk Singapuryň Premýer-ministri Lourens Wonguň bu ýurda sapary wagtynda baglaşyldy diýip, «rg.ru» ýazýar. Singapuryň senagat kärhanalaryndan alynýan kömürturşy gazyny deňiz ýoly bilen Awstraliýa eltiler, ony uzak wagtlap saklamak üçin deňziň düýbündäki geologiki gatlaklarda ýerleşdirerler. Awstraliýanyň Hökümet başlygy Entoni Albaneze ylalaşygy bu ugurda ilkinji ädim hökmünde häsiýetlendirdi. Ägirt uly meýdany eýeleýän we senagat galyndylaryny özbaşdak ýerlemek üçin ýeterlik mümkinçilikleri bolmadyk Singapur üçin Awstraliýa bilen bu hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýedir. Awtraliýa öz nobatynda beýleki döwletler bilen kömürturşy gazyny saklamak boýunça işewürligiň täze ugruny ösdürmäge mümkinçilik alýar.