«Türkmen-Innowasiýa» hususy kärhanasy «Turkmentel – 2026» halkara sergisine gatnaşyp, onda galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak, söwdany awtomatlaşdyrmak we ilata hyzmatlary hödürlemek üçin niýetlenen çözgütleriniň toplumy bilen tanyşdyrdy. Kompaniýanyň işläp taýýarlamalary söwda, ulag, ýangyç pudagy, şeýle hem döwlet we jemagat hyzmatlary üçin tölegler ulgamlaryny öz içine alýar. Sergi ekspozisiýasynyň esasy ugurlarynyň biri söwda awtomatlaryna, turniketlere we öz-özüňe hyzmat ediş kassalaryna oturdylýan ykjam galtaşyksyz töleg terminallary boldy. Alyjy üçin töleg amaly birnäçe sekuntda amala aşyrylýar: munuň üçin bank kartasyny ýa-da NFC tehnologiýasyny goldaýan smartfony terminala ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir. Kärhanalar üçin bolsa şeýle enjamlar nobatlaryň azalmagyna, kassirleriň iş ýüküniň ýeňilleşmegine we işgärleriň hemişelik gatnaşmazdan hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasy «Turkmentel – 2026» sergisinde galtaşyksyz tölegler üçin toplumlaýyn çözgütleri bilen tanyşdyrdy Söwda awtomatlary üçin nagt däl töleg modullary, şeýle hem türkmen manadynyň täze nusgadaky banknotlaryny tanaýan banknot kabul ediji enjamlar hödürlenýär. Awtomobillere ýangyç guýujy beketler üçin niýetlenen çözgütlere hem aýratyn üns berildi. Töleg terminallary sürüjilere nobata durmazdan ýangyjyň tölegini amala aşyrmaga we amal tamamlanandan soň elektron töleg kagyzyny dessine almaga mümkinçilik berýär. Sergä gelenler ykjam goşundylar we maglumat terminallary arkaly elýeterli bolan öz-özüňe hyzmat ediş ulgamlary bilen hem tanyşdylar. Olaryň kömegi bilen, şol sanda «Altyn Asyr» aragatnaşyk operatorynyň ykjam aragatnaşyk hasabyny doldurmak, döwlet paçlaryny we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini tölemek, elektron gapjygyň balansyny artdyrmak hem-de jemagat hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirip bolýar. Bu amallaryň ählisini dürli edaralara ýüz tutmazdan, bir penjire arkaly ýerine ýetirmek mümkin. «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasy «Turkmentel – 2026» sergisinde galtaşyksyz tölegler üçin toplumlaýyn çözgütleri bilen tanyşdyrdy Kompaniýa QR-kod arkaly töleg tehnologiýasyny hem görkezýär. Bu usulda alyjy smartfonynyň kamerasyny ulanyp, bank goşundysynyň üsti bilen QR-kody okaýar. Mundan başga-da, telefon ýa-da gapjyk ulanmazdan töleg geçirmäge mümkinçilik berýän ýüz keşbini tanamak arkaly töleg tehnologiýasy bilen hem tanyşdyryldy. «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasy «Turkmentel – 2026» sergisinde galtaşyksyz tölegler üçin toplumlaýyn çözgütleri bilen tanyşdyrdy Töleg infrastrukturasynyň ähli ulgamlary köpugurlylyk ýörelgesiniň esasynda döredilýär. «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasynyň kassa çözgütleri dünýäniň dürli öndürijileriniň terminallary bilen işlemäge mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde, telekeçiler diňe bir üpjün edijä bagly bolman, eýsem öz işleriniň aýratynlyklaryna we maliýe mümkinçiliklerine laýyk gelýän enjamlary saýlap bilýärler.