Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly breýn-ring bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary ýeňiji boldy. Çekeleşikli geçen final duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmen döwlet maliýe instituty duşuşdy. Netijede Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary final oýnunyň iň soňky sowalyna çalt we dürs jogap berip 6:5 hasabynda garşydaş toparyndan üstün çykdy. Bäsleşigiň 3-nji ornuna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy mynasyp boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, geçirilen breýn-ring bäsleşigine ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplar gatnaşdylar. Bäsleşik ilki, toparlaýyn tapgyr, soňra çärýek final, ýarym final hem-de final oýunlary esasynda geçirildi.