Amerikaly oýlap tapyjy Jeýms T.Rassel 95 ýaşynda aradan çykdy, alymyň işläp düzmeleri ykjam diskler (CD) we DVD tehnologiýalarynyň özeninde ýatdy diýip, onuň maşgalasyna salgylanýan «Seattle Times» gazeti habar berdi. CD we DVD disklerini döreden Jeýms Rassel aradan çykdy Alymyň gyzy kakasynyň oýlap tapyjylygy bilen tapawutlanandygyny we dürli meseleleri çözmäge hyjuw bilen ýapyşandygyny gürrüň berdi. Alym özüniň soňky patentini 88 ýaşynda hassa narkoz astyndaka nähili gazlary kabul edýändigini seljeriji enjam üçin alypdyr. Galyberse-de, Jeýms T. Rassel sazy winil plastinkasyz eşitdirmegiň usuly bilen meşgullanypdyr, ol munuň üçin sesi sanly ölçegde ýazmagy hem-de maglumatlary yşyk şöhleleri arkaly sanamagy teklip edipdir. Onuň işlän kompaniýasy ilkibaşda bu pikire şübheli garasa hem, synag üçin serişde bölüp beripdir. Netijede, ykjam diskler we DVD oýnaýjylar peýda bolupdyr. 1970-nji ýylda ABŞ-nyň patent edarasy bu ulgama tassyknama beripdir. Soňra «Sony» we «Philips» kompaniýalary alymyň bu oýlap tapyşyny peýdalanmaga rugsatnama alypdyr.