4-nji dekabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçiriler. Onuň dowamynda Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler özlerinde bar bolan iş orunlaryny ilata hödürlärler. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir. Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilere ýüz tutup bilersiňiz: 39-34-56; 22-74-07.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→