Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň DIM-inde bolan duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Aşgabatda geçirilen brifingiň çäklerinde taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegine hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→