Şu gün «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitap hem-de himiýa ylmynyň hem-de tehnologiýalarynyň ösüşi, Gahryman Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köp jilitli ylmy-ensiklopedik işi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan emeli aňyň mümkinçilikleri boýunça taýýarlanylan abzallar, enjamlardyr robotehnika mümkinçilikleriň sergisi guraldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlardyr mukamlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy. Halkara maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Ermenistan Respublikalarynyň, Indoneziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň 90-a golaýy gatnaşýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden, Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyndan we Halkara ylmy-tehnologiýa parkyndan, Milli bilim institutyndan, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyndan wekilleriň 130-a golaýy, jemi 220-ä golaý tebigy ylmy ugurlar, esasan-da, himiýa ylmy boýunça ylmy-barlag we okuw-usuly işleriniň netijeleri barada çykyş ederler. Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Indoneziýanyň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, hünärmenleriniň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň 70-e golaýynyň, şeýle-de, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-sinden hem-de Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyndan we Himiýa institutyndan, Milli bilim institutyndan, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyndan professor-mugallymlaryň, alymlaryň, hünärmenleriň 130-a golaýy ylmy nutuklary bilen gatnaşýarlar. Çykyşlarda Bitarap Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletara gatnaşyklarynda, halklary bitewüleşdirmekde oňyn çözgüde eýe bolýandygy bellenilip geçildi. Hususan-da, halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly alymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň durnukly ösüşi üçin «G.D’Annunzio» uniwersitetiniň ugurlary, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde himiýa kursunyň özgerdilmegi: himiýa ylmynyň logikasyndan klinik meseleleriň logikasyna çenli, kurs okatmak bilen ylmy-barlag taslamalaryň arasyndaky baglanyşygyň wajyplygy, hususan-da, himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň häzirki zaman şertlerinde ösüşi, bu ugurda emeli aňyň peýdalanylyşy, himiýa boýunça ýokary derejeli hünärmenleridir ylmy işgärleri taýýarlamakda döwrebap usulyýetiň hem-de innowasion tehnologiýalaryň orny bilen baglanyşykly ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler. Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi 26-njy noýabrda «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň strategik ugurlary», «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikler we öňdebaryjy tejribeler» atly bölümçelerde alnyp barlar.