«Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) «Çempionlar ligasy — 2» ýaryşynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 4:2 hasabynda utdy. Duşuşyk Rifa şäherindäki Bahreýniň Milli stadionynda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde gollary Ahmet Ataýew (6-njy minut), Daýanç Meredow (15-nji we 50-nji minutlar) hem-de Mekan Saparow (69-njy minut) geçirdi. Ýer eýelerinden Elliýot Simoýnş (10-njy minut) we Artur Rezende (63-nji minut) tapawutlandy. «Al-Muharrak» 3-nji minutdan başlap on oýunçy bilen oýnady: Bruno Santuş göni gyzyl kart aldy. Şu ýeňiş «Arkadag» toparyna ýaryşyň 1/8 finalyna möhletinden öň çykmaga mümkinçilik berdi. Topar 10 utuk toplap, B toparçada ikinji orny eýeleýär. Üçünji orunda barýan «Al-Muharrakda» üç utuk bar, şonuň üçin ol türkmen toparynyň yzyndan ýetip bilmez. Ugurdaş geçirilen duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 1:0 hasabynda utdy. Ýeke-täk goly Taliska (40-njy minut) geçirdi. «Al-Jazira» 13 utuk bilen toparçada öňde barýar, «Gol Gohar» bolsa iki utuk bilen ýaryş tertibini jemleýär. Jemleýji tapgyrda, 9-njy dekabrda «Arkadag» topary öz meýdanynda «Al-Jazira» bilen oýnar, «Gol Gohar» bolsa «Al-Muharragy» kabul eder.