Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň başlyklygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 25-nji noýabrda geçen duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag, şertnama-hukuk ulgamy şunda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bitirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ermeni tarapy şu günler Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä, «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmagyň özlerinde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar uglewodorod serişdeleriniň, elektrik energiýasynyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryna ähmiýet berdiler. Ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Hususan-da, ylmy-tehniki gazanylanlary, bar bolan innowasion işleri alyşmagy ýola goýmagyň möhümdigi nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek maksady bilen, ylmy-tehniki gatnaşyklaryň anyk çärelerini kesgitlediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sport federasiýalarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek wajypdyr. Medeniýet ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada maslahatlaşmalaryň çäklerinde özara Medeniýet günlerini geçirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we goramak babatda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekilip, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin anyk ädimler kesgitlenildi.