Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Halkara maslahata Russiýa federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystanyň, Singapuryň abraýly uniwersitetleriniň professor-mugallymlary onlaýn arkaly gatnaşdylar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilleri, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, ýokary okuw mekdepleriň we orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara maslahatda Türkmenistanyň ulag ulgamynda amala aşyrýan uly taslamalary we bu ulgamyň gerimini giňeltmek, hukuk binýadyny berkitmek, ösüp barýan döwletler üçin ulagyň elýeterliligini üpjün etmek babatda ýurduň öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri, garaýyşlary barasynda çykyşlarda aýdyldy. Halkara maslahatda çykyş eden professor-mugallymlar halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň möhüm orny, ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde demir ýol, awtomobil, howa, deňiz-derýa ulaglary ulgamynyň ähmiýeti, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň ulag strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde dabaralanmasy, ulag babatda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslary we başga-da birnäçe mowzuklarda çykyşlar etdiler. Halkara maslahat soňra öz işini «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy», «Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary» we «Türkmenistanyň ulag pudaklarynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy» atly bölümlerde dowam etdi.