ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «New York Post» gazeti bilen söhbetdeşlikde Ak tamyň täze metbugat kätibini bellemäge gyssanmaýandygyny habar berdi. Amerikan lideri muny bu wezipäni häzirlikçe özüniň gowy ýerine ýetirýändigi bilen düşündirdi. Tramp žurnalistler bilen köp söhbetdeş bolýandygyny, metbugat kätibiniň ýokdugy bilen baglylykda goýberilýän ýaňlyşlyklarda özünden başga günäkärläre adamyň ýokdugyny nygtady. Tramp şeýle hem özüniň bu wezipä göz öňüne tutýan birnäçe gowy žurnalistleriň bardygyny belläp, olaryň atlaryny tutmakdan saklandy. Ol bu işe höwes edýänleriň kändigini, emma olara awgustyň ahyrynda wezipäni terk eden Kerolaýn Liwittden ozdurmagyň kyn düşjekdigini sözüniň üstüne goşdy. Ak tamyň metbugat kätibiniň wezipesi Tramp Keýti Zekeraýa işden gitmegi teklip edeninden bäri boş dur. Zekeraýa wezipede bary-ýogy bäş gün işledi diýip, TASS agentligi ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→