Şu gün Aşgabat şäherinde «GDA-nyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady. Aşgabatda GDA ýurtlarynyň zähmet we ulag arabaglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady Maslahatyň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, GDA-nyň agza döwletleriniň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak meseleleri boýunça Konsultatiw geňeşi çykyş edýär. Maslahat Belarus Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet ylmy-barlag institutynyň hem-de Belarusyň Milli tehniki uniwersitetiniň ýardam bermeginde geçirilýär. Maslahatyň birinji gününiň umumy mejlisiniň gün tertibine birnäçe möhüm ugurlar boýunça çykyşlar girizildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň ulag pudagy: zähmeti guramak ulag baglanyşygynyň binýady hökmünde», «Belarus Respublikasynda zähmeti kadalaşdyrmagyň zähmet serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini we iş berijileriň hünärmenler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmakdaky orny», «Gyrgyz Respublikasynda ulag pudagynda zähmeti guramak», «Ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde işgär kuwwatynyň ähmiýeti», «Täjigistan Respublikasynda zähmeti kadalaşdyrmagyň we hak tölemegiň usullary», «Raýat awiasiýasy: sanly ösüş, mynasyp we howpsuz zähmet, GDA-nyň giňişliginde ulag-logistika hyzmatdaşlygy» ýaly temalar bar. Aşgabatda GDA ýurtlarynyň zähmet we ulag arabaglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady Halkara maslahatyň maksady öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, şeýle hem GDA-nyň agza döwletleriniň özara gyzyklanma bildirýän meseleleri boýunça amatly çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→