«Tehniki Serişdeleriň Serwisi» hojalyk jemgyýeti (TSS) «Turkmentel 2026» halkara sergisine gatnaşýar. 15 ýyldan gowrak iş tejribesiniň dowamynda Türkmenistanda howpsuzlyk ulgamlaryny üpjün etmek we toplumlaýyn ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň birine öwrülen bu kärhana onlarça strategik desganyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça taslamalary durmuşa geçirdi. Olaryň hatarynda «Petronas», «Dragon Oil» we «Schlumberger» ýaly halkara korporasiýalarynyň önümçilik desgalaryndan başlap, Arkadag «akylly» şäherinde amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar hem bar. TSS dünýäde öňdebaryjy öndürijiler bolan «Hikvision», «ITC», «Honeywell», «Cisco» we «Axis» kompaniýalarynyň ygtyýarly hyzmatdaşy bolup durýar. Kompaniýanyň hünärmenler toparynyň düzüminde 50-den gowrak ýokary hünär derejeli işgär bar. Olar taslamalary işläp taýýarlamakdan, enjamlary üpjün etmekden, gurnamakdan, işe girizmek we sazlamak işlerinden başlap, tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmeklige çenli ähli tapgyrlary öz içine alýan toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýärler. TSS kompaniýasynyň esasy iş ugurlaryna wideogözegçilik ulgamlary, ýangyn we gorag duýduryş ulgamlary, elýeterliligi gözegçilikde saklamak we sesli habar beriş ulgamlary, şeýle hem döwrebap awtoduralga çözgütleri girýär. Kompaniýanyň durmuşa geçiren taslamalarynyň hatarynda iri senagat kärhanalary bilen bir hatarda ýaşaýyş jaý toplumlary, bilim edaralary we söwda merkezleri ýaly raýat maksatly desgalar hem bar. Kompaniýanyň öz maddy-enjamlaýyn binýadynyň bolmagy kepillik borçnamalaryny dessin ýerine ýetirmäge we gurnama işleriniň ýokary hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. TSS sergi çärelerine yzygiderli gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň öz iş ugrunda öňdebaryjy orunlaryny saklap gelýär. Habarlaşmak üçin maglumatlar: Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (2127), j. 45. Telefonlary: +993 (12) 754510; +993 (65) 712882. Elektron poçta: market@tsstm.com, manager@tsstm.com. Web-saýty: www.tsstm.com.