24-nji noýabrda Italiýa Respublikasynyň Turin şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýewropa bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan guralan Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça global sammite (Torino Global Skills Summit) gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Sammit zähmet bazaryndaky häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutmak bilen, bilimi we hünär taýýarlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, iş berijileriň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini birleşdirdi. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hünärli işgärleri taýýarlamak babatdaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Zähmet bazarynyň isleglerini çaklamagyň mehanizmlerini kämilleşdirmäge we seljeriş maglumatlarynyň esasynda işgärleri taýýarlamagy meýilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, sammite gatnaşyjylar ykdysadyýetiň 11 pudagy boýunça 156 hünäri öz içine alýan Geljegiň hünärleriniň atlasy, iş berijileriň arasynda geçirilen sanly sorag-jogabyň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde alnyp barylýan adam maýasyny meýilleşdirmegiň milli ulgamyny döretmek boýunça işler bilen tanyşdyryldy. Iş berijileriň göni gatnaşmagynda hünär biliminiň müňden gowrak maksatnamasynyň täzelenendigi bellenildi. Bu çemeleşmäniň iş ýüzünde ulanylmagynyň ugurlarynyň biri Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde ulag we logistika ulgamynda işgärler kuwwatyny ösdürmek boldy. Türkmen tarapy halkara ulag geçelgeleriniň isleglerini nazara almak bilen, hünär başarnyklary babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipler bilen çykyş etdi, şol sanda bilelikdäki hünär ugurlaryny, zähmet bazarynyň isleglerini seljermäge ylalaşylan çemeleşmeleri we modully bilim maksatnamalaryny işläp düzmek arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi. Şeýle hem 2027-nji ýylda DARYA maksatnamasy tamamlanandan soň onuň netijeleriniň dowamlylygyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň Ýewropa bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torsti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem 2027 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→