25-nji noýabrda Brýusselde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň XXV mejlisi geçirildi. Onda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryň biri hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Aşgabatda Ýewropa bilim gaznasy bilen bilelikde geçirilen «tegelek stol», DARYA Ýokary derejeli toparynyň mejlisi, şeýle hem Turinde geçirilen Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça global sammit bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ilerlemegine ýardam berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa tarapyna Bilelikdäki garaýyş we «Global Gateway üçin başarnyklar köprüsi» başlangyjy boýunça teklipler iberildi. Bellenilişi ýaly, Brýusselde geçirilen mejlisde türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň üç esasy ugruny öňe sürdi: Bilim we adam maýasyny ösdürmegi 2028 — 2034-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşmak; «Global Gateway» taslamalaryny ýerli hünärmenleri taýýarlamak işleri bilen utgaşdyrmak; «Erasmus+» we «Horizon Europe» maksatnamalaryna gatnaşmagy giňeltmek. Ýewropa tarapy hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň 2027-nji ýylda başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini, şeýle hem ulag-logistika ulgamynda «Central Asia Global Talent Gateway» maksatnamasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Mundan başga-da, Ýewropa tarapy oktýabr aýynda Aşgabatda «DARYA» taslamasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň guramaçylygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem ylym diplomatiýasy boýunça «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek teklip edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→