Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudagynda 2026-njy ýylyň on aýynda 10,4 göterim ösüş gazanyldy. Bu görkeziji ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň arasynda iň ýokary ösüş depgini boldy. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmeti we zähmet hakyny kadalaşdyrmak müdirliginiň başlygy Emir Hakberdiýew habar berdi. Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudagy 10 aýda 10,4 göterim ösüş gazandy Ol bu barada «GDA-nyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahatda çykyş etdi. Emir Hakberdiýewiň bellemegine görä, hasabat döwründe ýurduň jemi içerki önümi 6,3 göterim artdy. Ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamak meýilnamasy 108,5 göterim, ýolagçy gatnatmak meýilnamasy bolsa 101,9 göterim ýerine ýetirildi. Iň ýokary ösüş depgini howa we awtomobil ulaglarynda hasaba alnyp, bu ugurlarda ösüş 114 göterimden geçdi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2025-nji ýyl boýunça maglumatlaryna görä, ýurtda ulag işi we ýükleri saklamak bilen 57,3 müň adam meşgullanýar. Bu görkeziji zähmet bilen meşgullanýanlaryň umumy sanynyň 6,5 göterimine deň bolup, ykdysady işiň görnüşleriniň arasynda bilim, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk we saglygy goraýyş pudaklaryndan soň bäşinji orny eýeleýär. Bu barada Emir Hakberdiýew belledi. Ulag pudagynda ortaça aýlyk zähmet haky 3 müň 120 manada deň bolup, bu görkeziji ýurt boýunça ortaça aýlyk zähmet hakyndan 6 göterim ýokarydyr. Ýylyň dowamynda pudakda ortaça aýlyk zähmet haky 9,1 göterim ýokarlandy. Ýurt boýunça bu görkeziji 8,1 göterime deň boldy. Ulag pudagynyň işgärleriniň takmynan 38 göterimine, ýagny 21,5 müň adama zähmet şertleri ýaramaz bolan işlerde zähmet çekýändikleri üçin ýeňillikler we öwez tölegleri berilýär. Olaryň hatarynda goşmaça zähmet rugsatlary, goşmaça tölegler we haklar, süýt ýa-da onuň bilen deň derejedäki azyk önümleri bar. Müdirligiň başlygy çykyşynda ulag pudagynyň işgärleri üçin göz öňünde tutulan durmuş kepillikleri barada hem maglumat berdi. Hökmany şahsy ätiýaçlandyryş ulagyň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa we awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny, şeýle hem demir ýol işgärlerini öz içine alýar. Uçuş düzümine, uçar ýolbeletlerine we käbir beýleki hünärleriň wekillerine köp ýyllyk iş tejribesi boýunça pensiýa bellenilýär. Zähmet şertleri zyýanly we aýratyn agyr bolan işlerde işleýänler üçin bolsa hünär pensiýasy göz öňünde tutulýar. Şeýle ýagdaýlarda pensiýa ýaşy alty ýyldan on ýyla çenli peseldilýär. Ýeňillikli pensiýa hukugyny berýän işleriň sanawyna ulag pudagynyň 25-den gowrak iş görnüşi, hünäri we wezipeleri girýär. Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudagy 10 aýda 10,4 göterim ösüş gazandy Iki gün dowam edýän halkara maslahat 26–27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Maslahat Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan GDA-nyň agza döwletleriniň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak meseleleri boýunça Konsultatiw geňeşiniň ýardam bermeginde guraldy. Maslahatyň işine döwlet dolandyryş edaralarynyň, zähmet kadalaryny işläp taýýarlaýan guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de ykdysadyýetiň hakyky pudagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, şeýle hem zähmeti kadalaşdyrmak babatda esasy guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Gatnaşyjylaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→