28–30-njy noýabr aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler. Festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara giň meşhurlyga eýe bolan we ýokary baha mynasyp bolan bäş sany hindi filmi görkeziler. Ähli kino görkezilişlerine giriş mugt bolar. Festiwalyň maksatnamasy 28-nji noýabrda sagat 17:00-da «Ylga, Milka, ylga!» atly sport-biografik dramanyň görkezilişi bilen açylar. Ertesi gün, 29-njy noýabrda, sagat 14:00-da tomaşaçylara «Men mugallym» filmi, sagat 18:00-da bolsa Hindistanyň meşhur zenan boksçysy we türgeni Meri Komyň durmuşyna bagyşlanan «Meri Kom» filmi görkeziler. Festiwal 30-njy noýabrda iki filmiň görkezilişi bilen tamamlanar. Şol gün sagat 14:00-da «Beýik Mogol» atly taryhy film, sagat 18:00-da bolsa «Ogurlanmadyk gelin» atly romantik komediýa tomaşaçylara hödürlener. Guramaçylar ähli kino sungatynyň muşdaklaryny bu çärä gatnaşmaga we hindi kinematografiýasynyň iň gowy eserleri bilen tanyşmaga çagyrýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→