Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Kanadanyň General-gubernatory Luiza Arbura ynanç hatlaryny gowşurdy. Resmi dabara Ottawadaky Rido-holl kabulhanasynda geçirildi. Ottawada Türkmenistanyň ilçisiniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi Dabaradan soň geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda diplomat döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Luiza Arbur ilçiden Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Duşuşygyň çäklerinde General-gubernator Aşgabadyň Birleşen Milletler Guramasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna hem ýokary baha berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→