Birleşen Milletler Guramasynyň Meýletinçiler maksatnamasynyň (BMG-niň Meýletinçileri) wekiliýeti milli hyzmatdaşlar bilen ozal başlanan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen 23–26-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda resmi saparda bolýar. Bu sapar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78/127 belgili Kararnamasy bilen yglan edilen Durnukly ösüş üçin meýletinçileriň halkara ýyly 2026-nyň çäklerinde amala aşyrylýar. Türkmenistan bu başlangyjy goldan sekiz ilkinji hemaýatkäriň biri boldy. 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Meýletinçilik we durnukly ösüş boýunça milli dialog geçirildi. Çäre BMG-niň Meýletinçileri tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Oňa döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ilçihanalaryň we BMG-niň Türkmenistandaky toparynyň wekilleri göni we onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Türkmenistan we BMG-niň Meýletinçileri meýletinçilik üçin täze mümkinçilikleri öwrenýärler Dialog Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory hanym Gülşat Ýusupowanyň çykyşy bilen açyldy. Ol meýletinçiligiň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Soňra BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy çykyş etdi. “Meýletinçilik ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny jemgyýetleriň zerurlyklary bilen baglanyşdyrýar”, diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaozýun Greýs Wan belledi. “Meýletinçiler ýerli şertler baradaky bilimlerini paýlaşýarlar, ynamy pugtalandyrýarlar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönüden-göni goşant goşýarlar”. Şeýle hem ol umumy bähbit üçin meýletin özara kömek däbi bolan ýowaryň türkmen jemgyýetiniň aýrylmaz bölegidigini, meýletinçiligiň bolsa adamlaryň we jemgyýetleriň birek-biregi goldamagynda gündelik durmuşda aýdyň görünýändigini belledi. “Şu gün biz meýletinçilik boýunça tejribeler we pikirler bilen paýlaşýarys, şeýle hem meýletinçiligi has-da giňden tanatmak we Türkmenistanda adamlaryň meýletinçilik bilen meşgullanmagy üçin has köp mümkinçilikleri döretmek ugrunda bilelikde işleýäris”, diýip, BMG-niň Meýletinçiler maksatnamasynyň hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň ýolbaşçysy hanym Geraldine Bekki aýtdy. Türkmenistan we BMG-niň Meýletinçileri meýletinçilik üçin täze mümkinçilikleri öwrenýärler Giriş çykyşlaryndan soň BMG-niň Meýletinçileri 2026-njy ýyl üçin Dünýäde meýletinçiligiň ýagdaýy baradaky hasabaty we 2024-nji ýyl üçin Merkezi Aziýada meýletinçiligiň ýagdaýy baradaky syny hödürlediler. Bu neşirlerde meýletinçileriň ösüşe goşýan goşandy barada sebit we dünýä derejesindäki maglumatlar beýan edilýär. Soňra BMG-niň häzirki we öňki Meýletinçileri halkara meýletinçilik gullugyndaky tejribeleri barada gürrüň berdiler. “Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynda işlemek maňa BMG-niň nähili işleýändigine özboluşly nukdaýnazardan seretmäge mümkinçilik berdi. BMG-niň ýurt boýunça toparynyň işini utgaşdyrmagy goldamak üçin jogapkär edara hökmünde biz dürli agentlikler bilen ýakyndan işleşdik. Olaryň her biri öz tejribesini, mandatyny we güýçli taraplaryny umumy işe goşýar”, diýip, BMG-niň halkara Meýletinçisi, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynda howanyň üýtgemegi boýunça hünärmen bolup işleýän Rouz Lagrott belledi. Türkmenistan we BMG-niň Meýletinçileri meýletinçilik üçin täze mümkinçilikleri öwrenýärler Mundan soň Fransiýanyň Ilçisi hanym Alena Grand we Koreýa Respublikasynyň Ilçisi jenap Li Won-Je öz ýurtlarynyň BMG-niň Meýletinçileri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny we BMG-niň Meýletinçileriniň dünýäniň dürli künjeklerinde goşýan gymmatly goşantlaryny bellediler. Dialog raýat jemgyýetiniň wekillerini, talyplary we jemgyýetçilik birleşiklerini bir ýere jemläp, hasabatlaryň Türkmenistan üçin ähmiýetini, meýletinçiligi ösdürmek üçin zerur bolan ädimleri, 2026-njy ýyldan soň hem gazanylan depgini dowam etdirmegiň ýollaryny, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary üçin ýurduň içinde we daşary ýurtlarda meýletinçilik etmek mümkinçiliklerini giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. Saparyň dowamynda BMG-niň Meýletinçileriniň wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda BMG-niň Meýletinçileri bilen hyzmatdaşlygyň milli ösüş ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga, şeýle hem milli we halkara meýletinçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge nähili ýardam edip biljekdigi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan we BMG-niň Meýletinçileri meýletinçilik üçin täze mümkinçilikleri öwrenýärler BMG-niň Türkmenistandaky topary we BMG-niň Meýletinçileri meýletinçileriň goşandyny ykrar etmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlarda meýletinçilik işi bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Hökümeti we milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→