Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň – Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň raýatlary iňlis dilini pes derejede bilýärler. Bu barada 2026-njy ýyl üçin «EF English Proficiency Index» barlaglarynda bellenýär. 117 ýurtda 2,3 million gatnaşmagynda geçirilen synaglaryň jemleri boýunça düzülen sanawa salgylanyp «rg.ru» ýazýar. Netijede, Türkmenistan sebitiň döwletleriniň arasynda ilkinji orunda, umumy dünýä sanawynda 71-nji orunda ýerleşdi. Gyrgyzystan 90, Gazagystan 99, Özbegistan 101 we Täjigistan 110-njy orunlary eýelediler. Öňki sowet döwletleriniň arasynda alnanda, Gruziýa ilkinji orna çykdy – 32-nji orun. Ondan soňra Belarus (37), Moldowa (39), Ukraina (41), Ermenistan (45), Russiýa (49) we Azerbaýjan (85) geldi.