Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm hem-de topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak hem-de kadaly gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly hasylyny Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurtda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak meselesine ünsi çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda şüdügär sürüminiň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegine pugta gözegçilik etmegi, gowaça ekiljek ýerleri fosfor döküni bilen iýmitlendirmegi, şeýle hem Daşoguz welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→