Indoneziýanyň paýtagty Jakartadan günbatarda ýerleşýän konditer fabriginde dörän ýangynda azyndan 39 adam dereksiz ýitdi. Bu barada ýurduň halas ediş gullugynyň wekili AFP agentligine habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar. Häzirki wagtda 39 adamyň gözlenilýändigi, dört adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Ýangyn wagty kärhananyň binasynyň üçegi ýykyldy. «PT Fonua Agung Mulia» kompaniýasynyň Jakartadan 50 kilometrlikdäki konditer kärhanasynda ýangyn geçen şenbede gündiz tutaşdy. Gurban bolanlaryň sany aýdylmaýar.