2022-nji ýyldan bäri russiýaly telekeçileriň 21 göterime golaýy işewürligini Dubaýdan çykardy. Bu barada «Wesupport» kanunlaşdyrma hem-de resminama dolanyşygy boýunça emirlik agentligini esaslandyryjy Sabina Gasanowa salgylanýan «Forbes» neşiri habar berdi. Gasanowanyň bahalandyrmasyna görä, şeýle görkeziji bazar üçin kadaly hasaplanýar. «Forbesiň» bilermenleri rus kompaniýalarynyň bir böleginiň Dubaýdaky işewürliginiň ýitgili bolandygyny belleýärler. «Nikoliers» konsalting kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginde Dubaýdaky rus egin-eşik brendleriniň hem-de restoranlarynyň 107-sinden 30-sy ýapylypdyr. Olaryň hatarynda «Vasilchuki» toparynyň naharhanalary, «Ketch Up» zynjyry hem-de «Big Smile Coffee» kofehanalary bar.