Bakuw şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilen görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Trend» habarlar agentligi habar berdi. Çäre Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Kitaby Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow tanyşdyrdy. Çärede çykyş eden ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara meselelerini parahatçylykly, syýasy we diplomatik serişdeler arkaly çözmäge ýardam berýändigini belledi. «Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplyk nusgasy gepleşikleri parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollar arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bar bolan meseleleri düzgünleşdirmäge we çözmäge oňyn täsirini ýetirýän möhüm gural hökmünde kabul edilýär» diýip, G.Elýasow nygtady. Ilçiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary arkaly, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde yzygiderli dialogyň alnyp barylmagyny goldaýar. Şeýle hem ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, bu toparyň işi halkara dialogyny ösdürmek we Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. G.Elýasow parahatçylyk, sazlaşyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşiniň esasyny düzýändigini aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlaryň we ählumumy wehimleriň şertlerinde bu ýörelgeleri berkitmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öz gezeginde Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigini we parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, kitabyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi okyjylara Türkmenistanyň döwlet dolandyryş tejribesi we daşary syýasatdaky garaýyşlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol bu neşiriň iki halkyň taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklaryny şöhlelendirýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy— parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby dokuz bapdan ybarat bolup, ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň kemala gelmegine, onuň taryhy şertlerine we hukuk esaslaryna bagyşlanýar. Neşirde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm halkara meselelerini çözmekdäki orny giňişleýin beýan edilýär. Kitabyň jemleýji babynda taryhy resminamalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarda eden çykyşlary, şeýle hem ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda gol çeken ylalaşyklary ýerleşdirilipdir. Kitap ozal türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Soňra ol ýapon we azerbaýjan dillerine hem terjime edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→