Pýemont sebitiniň Alplardaky Wiganelle obasynda Gün şöhlelerini merkezi meýdança gönükdirýän äpet aýna işe başlady. Daşyny gurşaýan daglar sebäpli her ýylyň 11-nji noýabryndan 2-nji fewralyna çenli bu oba tutuş 89 günläp göni Gün şöhlelerinden mahrum galýar diýip, «rg.ru» gürrüň berýär. Täsin ulgamy mundan ýigrimi ýyl töweregi öň oturtdylar. Dag eňňidinde ýerleşýän polat aýna Günüň yzy bilen awtomatiki usulda aýlanýar hem-de günde obanyň meýdançasyny alty sagat ýagtylandyrýar. 2023-nji ýylda enjam hatardan çykyp, abatlaýyş işleri gymmat düşýändigi hem-de enjamlary dikuçarda daga çykarmaly bolýandygy bilen bagly çylşyrymlaşdy. Ulgamy çalyşmak 40 müň ýewro pul kömegi bölnüp berlenden soňra mümkin boldy. Hünärmenler zeper ýeten düzüm böleklerini çalşyp, aýnany uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiligini täzelediler. Italiýanyň iň garaňky obasyndaky äpet aýna ýene işläp başlady Ýeri gelende aýtsak, Norwegiýanyň Rýukan obasynda hem şeýle ulgam 2013-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→