Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatow 23-nji noýabrda Pariž şäherinde Ýewropanyň birža we işewür toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda tejribe alyşmak, elektron söwdany ösdürmek we emeli aň ýaly sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «nCa» portaly habar berdi. «Euronext» kompaniýasynyň baş edarasynda Batyr Wolsahatow kompaniýanyň döwlet edaralary bilen gatnaşyklar boýunça direktory, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Ýakob Mihalik we çig mal bazarlarynyň ýolbaşçysy Roben Mezýonýow bilen duşuşdy. Ýeri gelende bellesek, «Euronext»Ýewropanyň birnäçe döwletiniň birža söwda meýdançalaryny birleşdirýän we Amsterdam, Brýussel, Pariž, Lissabon, Milan, Dublin hem-de Oslo şäherlerinde biržalary dolandyrýan iri halkara birža toparydyr. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy TDHÇMB-niň alyp barýan işleri, onuň ýurduň daşary söwdasyny ösdürmekdäki orny hem-de birža infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berdi. Gepleşiklerde çig mal bazarlaryny guramak, elektron söwda ulgamlaryny kämilleşdirmek, geleşikleriň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak we bahalaryň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem sanly tehnologiýalary, hususan-da, emeli aňy ulanmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Euronext» kompaniýasynyň wekilleri çig mal boýunça fýuçers şertnamalary we opsionlar arkaly söwdany guramak, şeýle hem önümler boýunça maliýe gurallarynyň bazarlaryny düzgünleşdirmek babatda Ýewropanyň tejribesini paýlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde taraplar, ilkinji nobatda, elektron söwda infrastrukturasyny ösdürmek we birža bazarlaryny düzgünleşdirmegiň Ýewropa tejribesini öwrenmek boýunça hünär gepleşiklerini dowam etdirmäge taýýardyklaryny bildirdiler. Şol gün TDHÇMB-niň başlygy «Paris EUROPLACE» assosiasiýasynyň öňki dolandyryjy direktory Arno de Bresson we «ADIT» toparynyň düzümine girýän «Next Step Influence» («NSI») agentliginiň uly geňeşçisi Olga Belo bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda çig mal bazarlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, fransuz we beýleki Ýewropa kompaniýalarynyň TDHÇMB-niň birža söwdalaryna gatnaşmagy, şeýle hem häzirki zaman maliýe we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Fransuz tarapy energetika, oba hojalyk-senagat we maliýe ulgamlarynda iş alyp barýan Ýewropa kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem degişli ugurlar boýunça bilermenleri çekmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Gepleşiklerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, birža amallaryna halkara gatnaşyjylaryň gatnaşygyny giňeltmek, häzirki zaman söwda mehanizmlerini öwrenmek we birža işinde emeli aňy ulanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara dialogy dowam etdirmäge we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→