Türkmenistanda «Türkmentel-2026» atly serginiň çäklerinde «Turkmenportal» topary tarapyndan döredilen türkmen dilindäki ilkinji ýerli emeli aň kömekçisi — «Turkmenportal AI» tanyşdyryldy. «Turkmenportal AI» ulanyjylaryň dürli sowallaryna jogap bermäge, tekstleri terjime etmäge, täzelikleri tapmaga we hat ýazmak, makala taýýarlamak ýaly dürli ýazuw işleri boýunça kömek bermäge ukyplydyr. Emeli aň kömekçisi açyk çeşmeli (open-source) uly dil modelleriniň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Olar Türkmenistanyň şertlerine we türkmen diliniň aýratynlyklaryna laýyklykda uýgunlaşdyryldy. Kömekçiniň mümkinçilikleri yzygiderli kämilleşdirilýär we onuň maglumat binýady täze maglumatlar bilen baýlaşdyrylýar. «Turkmenportal AI-niň» esasy aýratynlyklary: Türkmen diline doly uýgunlaşdyrylan: türkmen diliniň grammatikasyna we sintaksisine gowy düşünýär, latyn elipbiýinde sowatly ýazýar. Ýerli maglumatlar: Türkmenistanyň kanunçylygy, medeniýeti, taryhy we täzelikleri barada takyk maglumatlary bermäge ukyplydyr. «Turkmenportal» bilen utgaşyklylygy: ulanyjylar üçin turkmenportal.com saýtyndaky iň täze täzelikleri we maglumatlary tapyp berýär. Köpugurly mümkinçilikleri: diňe bir täzelikler bilen çäklenmän, matematika, tehnologiýa, edebiýat we beýleki umumy bilim ugurlary boýunça hem kömek edýär. Surat döretmek mümkinçiligi: ulanyjynyň islegine görä dürli şekilleri we suratlary döredip bilýär. Häzirki wagtda «Turkmenportal AI» synag (beta) görnüşinde işleýär. Bu bolsa onuň ulanyjylaryň sowallarynyň esasynda her gün täze maglumatlary öwrenýändigini we mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirýändigini aňladýar. Emeli aň kömekçisi ulanyjylar bilen sypaýy we dostlukly äheňde söhbetdeş bolýar. Şeýle-de bolsa, hukuk ýa-da lukmançylyk meseleleri boýunça diňe umumy häsiýetli maglumatlary berýär we diňe onuň jogaplaryna daýanman, degişli hünärmenlere ýüz tutmagy maslahat berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→