Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy «Sunway University» uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşyk gurady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi watandaşlarymyza döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ýaş nesli goldamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem ýaşlaryň bilim, ylym we döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen durmuşa geçirilýän başlangyçlar barada giňişleýin maglumat berdi. Malaýziýada türkmen talyp ýaşlary bilen aň-bilim duşuşygy geçirildi Ilçi Türkmenistanyň «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Kanunyna, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna hem-de 2031-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet ýaşlar syýasaty babatda Döwlet maksatnamasyna aýratyn üns çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýaşlaryň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine gatnaşygyny giňeltmek, medeniýetara dialogy ösdürmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary barada gürrüň berdi. Duşuşykda bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti hem aýratyn bellenildi. Talyp ýaşlara Malaýziýanyň kanunçylygyny berjaý etmek, ýurduň milli däp-dessurlaryna we jemgyýetçilik kadalaryna hormat goýmak boýunça maslahatlar berildi. Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň bilim almagy we ýaşaýyş şertleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Ilçi talyplary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→