Günorta Koreýada 2016-njy ýyldan bäri ilkinji gezek mergi keseli hasaba alyndy. Bu barada Koreýanyň kesellere gözegçilik we öňüni almak boýunça edarasyna salgylanýan «Associated Press» agentligi habar berdi. Keseliň lukmanlar tarapyndan tassyklanandygy bellenýär. Noýabryň başynda hassa ýurduň günorta-gündogaryndaky Çhanwon şäheriniň hassahanalarynyň birine ýüz tutdy. Häzirki wagtda hassa doly sagalyp, öýüne goýberildi. Hünärmenler ýokanjyň çeşmesini hem-de hassa bilen gatnaşyk eden adamlary kesgitlemegi dowam edýärler. 2016-njy ýylda Günorta Koreýada mergiden üç adam heläk boldy.