«Belet» onlaýn kinoteatry 24-nji noýabrda öz işine başlan we 26-njy noýabra çenli dowam etjek «Turkmentel-2026» halkara sergisine gatnaşýar. Kompaniýa sergide öz diwarlygy bilen çykyş edip, bu ýere gelýänlere platformasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar we iň soňky täzelikleri barada maglumat berýär. Täze girizilen mümkinçilikleriň hatarynda «Android Auto» we «Apple CarPlay» tehnologiýalaryny goldamak aýratyn orun eýeleýär. Indi «Belet» goşundysyny awtoulaglaryň multimediýa ulgamlarynda hem ulanmak mümkin. Ulanyjylar pleýeri, faýllaryň ýüklenmegini, sazlary, audiokitaplary we wideoklipleri gönüden-göni awtoulagyň ekrany arkaly dolandyryp bilýärler. Munuň üçin smartfondaky goşundyny iň soňky wersiýasyna çenli täzelemek we enjamy görkezilen tehnologiýalaryň birini goldaýan awtoulagyň multimediýa ulgamyna birikdirmek zerurdyr. «Belet» filmleri, teleseriallary, sazlary, audiokitaplary, wideoklipleri we göni ýaýlymlary bir goşundyda jemleýän multimediýa platformasydyr. Goşundy «App Store» we «Google Play» dükanlaryndan ýükläp almak üçin elýeterlidir. Bu bolsa hyzmatdan öýde we ýolda smartfonlarda hem-de beýleki enjamlarda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Göni ýaýlymlar arkaly ulanyjylar goşundydan çykmazdan, gepleşikleri we beýleki görkezilişleri hakyky wagt tertibinde tomaşa edip bilýärler. Ulanyjylar üçin iki görnüşli nyrhnama meýilnamasy hödürlenýär. «Standart» nyrhnamasynyň bahasy 30 manat, «Premium» nyrhnamasynyň bahasy bolsa 55 manat. Ulanyjylar öz isleglerine we elýeterli mazmunyň möçberine bolan talaplaryna laýyklykda degişli nyrhnama meýilnamasyny saýlap bilerler. «Turkmentel-2026» halkara sergisine gatnaşmak «Belet» platformasyna hyzmatynyň ösüşini görkezmäge we sergä gelýänleri platformanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berýär.