Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hatynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylygy hem-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekde berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Katar Döwletiniň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.