Şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurory B.Muhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Singapur Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Singapuryň Baş prokurory Lýusýen Wong bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti Singapuryň prokuratura gullugynyň iş tejribesi, ulgamy hem-de beýleki ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Singapur Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ähtnama Türkmenistanyň Baş prokurory Begmyrat Muhamedow we Singapuryň Baş prokurory Lýusýen Wong tarapyndan gol çekildi. Bu Ähtnama özara düşünişmegi pugtalandyrmak we adyl kazyýet ulgamlarynyň ösmegine goldaw bermek maksady bilen, hukuk bilimleri, maglumatlary we ylmy-barlaglary alyşmak arkaly iki edaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Resminama gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde, hukuk hem-de prokuratura meseleleri boýunça has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→