22-nji noýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy sosial ulgamlardaky sahypalarynda mälim etdi. Diplomatik wekilhananyň habarynda: «ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Landau, Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýilýär. Bellenilişi ýaly, amerikan diplomaty Aşgabatdaky saparyna söwda we maýa goýumlary babatdaky mümkinçilikler barada olaryň garaýyşlaryny öwrenmek maksady bilen, amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşykdan başlady. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň paýtagtyna saparynyň dowamynda Kristofer Landau ýurduň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Habarda Waşingtonyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksportyny Hazarüsti geçelgesi we TRIPP («Halkara parahatçylyk we rowaçlyk üçin Tramp ýoly») ugry boýunça diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklamagy maksat edinýändigi bellenilýär. Şeýle hem söwda we maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak, sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak arkaly ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirilýär. Aşgabat ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň 16–24-nji noýabr aralygynda amala aşyrýan sebit boýunça saparynyň jemleýji nokady boldy. Türkmenistana gelmezinden ozal ol Täjigistanda we Türkiýede saparda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→