Ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk we tebigy ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän 140-njy orta mekdepde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýapon dilinde çykyş etmek boýunça ilkinji bäsleşik geçirildi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berilýär. Çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroşi gatnaşdy. Türkmenistanda ýapon dilinde çykyş etmek boýunça bäsleşik geçirildi Bäsleşige ýurduň dürli künjeklerinden 20 okuwçy gatnaşdy. Türkmenistanda ýapon dilinde çykyş etmek boýunça bäsleşik geçirildi Oňa gatnaşyjylar iki ugur boýunça çykyş etdiler: «Ýatdan okamak» we «Çykyş edip, sözlemek». Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bäsleşigiň taýýarlanmagyna we geçirilmegine goşant goşan gatnaşyjylara, mugallymlara, guramaçylyk toparyna hem-de 140-njy orta mekdebiň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem «Toyota Central Asia» kompaniýasynyň hemaýatkärlik goldawy aýratyn bellenildi.