Türkmenistanyň küştçüleri 20–27-nji noýabr aralygynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde Türki küşt assosiasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän türki döwletleriň arasynda küşt boýunça ilkinji şahsy çempionata gatnaşýarlar. Ýaryşa Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan jemi 24 küştçi gatnaşýar. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, ýaryş üç dereje boýunça: erkekleriň, zenanlaryň we 50 ýaşdan uly weteranlaryň arasynda geçirilýär. Türkmenistan ýaryşyň üç derejesiniň ählisinde wekilçilik edýär. Türkmenistan türki döwletleriň arasynda küşt boýunça geçirilýän ilkinji şahsy çempionata gatnaşýar Ýaryşda Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän küştçüler: FM Amanmuhammet Hommadov (FIDE reýtingi – 2395) – erkekleriň arasyndaky ýaryşda; WFM Läle Şöhradowa (2154) – zenanlaryň arasyndaky ýaryşda; IM Karen Grigorýan (2185) – weteranlaryň arasyndaky ýaryşda. Türkmenistan türki döwletleriň arasynda küşt boýunça geçirilýän ilkinji şahsy çempionata gatnaşýar Bu ýaryş türkmen küştçüleri üçin özleriniňkiden ep-esli ýokary derejeli garşydaşlar bilen nusgawy wagt gözegçiligi boýunça birnäçe tapgyrda bäsleşmäge mümkinçilik döredýär. Amanmuhammet Hommadowyň garşydaşlarynyň ortaça reýtingi onuň şahsy reýtinginden 123 utuk, Läle Şöhradowanyň garşydaşlarynyňky bolsa 113 utuk ýokarydyr. Ýaryşyň aýlawly ulgamda geçirilmegi her bir gatnaşyja güýçli küştçüler bilen yzly-yzyna 14 döw oýnamaga mümkinçilik berýär. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda olaryň hatarynda dört grossmeýster hem bar. Şeýle ulgam şweýsar ulgamy boýunça geçirilýän açyk ýaryşlarda bolşy ýaly, bije çekişligiň netijesinde tötänleýin garşydaşlaryň kesgitlenmeginiň öňüni alýar. Türkmenistan türki döwletleriň arasynda küşt boýunça geçirilýän ilkinji şahsy çempionata gatnaşýar Erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň umumy baýrak gaznasy 40 million teňňä deňdir. Ýaryşyň barşy we netijeleri bilen chess-results.com saýtynda tanşyp bolýar: erkekleriň arasyndaky ýaryş: s1.chess-results.com/tnr1533899.aspx; zenanlaryň arasyndaky ýaryş: s3.chess-results.com/tnr1533897.aspx; weteranlaryň arasyndaky ýaryş: s2.chess-results.com/tnr1538741.aspx.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→