Serbiýanyň Halk skupşinasynyň (bir palataly parlament) täze çagyrylyşynda zenan deputatlaryň paýy rekord derejedäki 40,8 göterime deň boldy. Bu barada «Telegraf» portalyna salgylanýan TASS agentligi habar berdi. Bu ýurtda köp partiýaly ulgam girizilen 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir. Netijede, zenanlara 250 deputatlyk mandatynyň 102-si ýetdi. Dolandyryjy «Talyp sanawy» fraksiýanyň düzüminde zenanlaryň paýy 43,6 göterim, oppozisiýadaky Serb progressiw partiýasynda 39,8 göterime deňdir. Milli azlyklaryň 7 mandaty erkeklere degişli boldy. Respublikada nobatdaky parlament saýlawlary 25-nji oktýabrda geçdi. Onda Hökümeti özbaşdak düzmek üçin mandatlaryň ýeterlik sanyny alan «Talyp sanawy» ýeňiş gazandy.