Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa -3 gradusa çenli sowar hem-de ýagyşly bolar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär: Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4... +6 gradusdan +11... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +14 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl bolar. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4... +9 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar. Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +11... +16 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl bolar. Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→