Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda «Garaşsyz Türkmenistanda edebi mirasy öwrenmegiň möhüm ugurlary» atly ylmy maslahat geçirildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, maslahata alymlar, ylmy işgärler we aspirantlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda «Garaşsyzlyk döwrüniň şygryýeti», «Türkmen edebi mirasynyň dil baýlygyny öwrenmegiň ylmy ugurlary: Mätäjiniň «Bedew» bäşlemesiniň mysalynda», «Halk döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti», «ÝUNESKO-nyň sanawynda milli edebi miras: Ybraýym Edhemiň golýazmalarynyň mysalynda» we beýleki temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, nusgawy we häzirki zaman edebi eserleri ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. Çeper keşpler, deňeşdirmeler we beýleki çeperçilik serişdeleri arkaly söz adamyň aňyna täsir edip, onda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, edebi mirasy öwrenmegiň möhüm ugurlary ylmy jemgyýetçiligiň üns merkezinde durýar.