Gonkongyň «Kitçi» futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada toparyň sosial ulgamdaky resmi sahypasynda habar berildi. Duşenbe güni futbolçy 35 ýaşyny doldurdy. «Doglan günüň gutly bolsun, Mingi!» — diýlip, toparyň gutlag ýüzlenmesinde bellenilýär. Ruslan Mingazow 2022-nji ýylyň tomsunda «Kitçi» klubyna geçipdi. Şondan bäri ol Gonkong toparynyň düzüminde bäş kubogyň eýesi boldy: iki gezek Gonkongyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy, iki gezek «Senior Shield» ýaryşynda ýeňiji boldy we bir gezek ýurduň Kubogyny gazandy. Häzirki möwsümde ýarym goragçy ähli ýaryşlarda 11 duşuşyk geçirip, üç gol geçirdi we dört netijeli pas berdi.