Margiana rus-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa Türkmenistanyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysyna interwýu berip, şu ýylyň sentýabr–oktýabr aýlarynda bürünç eýýamynyň meşhur ýadygärligi bolan Goňurdepedäki meýdan işleriniň üçünji we jemleýji tapgyrynyň netijeleri barada gürrüň berdi. Bu barada ussatnews.com habar berýär. Alymyň sözlerine görä, bu möwsüm örän üstünlikli geçdi. Gazuw-agtaryş işleri döwründe jemi 160-a golaý taryhy tapyndy, şol sanda 27 sany keramiki gap ýüze çykaryldy. Russiýaly antropolog iň gymmatly tapyndylaryň hatarynda seýrek duş gelýän bürünçden ýasalan oba hojalyk guralyny, şeýle hem agaç işläp bejermekde ulanylan gurallary — kesgiç bilen ýonujy guraly aýratyn belledi. Meýdan işleri tamamlanandan soňra, gadymy Marguş ýurdundan ýüze çykarylan gadymy tapyndylary öwrenmek işleri Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, şeýle hem Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam etdirildi. Dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň köpden bäri muşdagy bolan alym sebitiň taryhynda atçylygyň eýeleýän ornuna aýratyn ünsi çekdi. Margianada ençeme ýyl bäri alnyp barylýan arheologik we antropologik barlaglaryň netijeleriniň görkezmegine görä, gadymy ilat atlary köpeltmäge we ösdürip ýetişdirmäge uly ähmiýet beripdir. Ýurtda bolýan döwründe Nadežda Dubowa Aşgabadyň atçylyk-sport toplumyna baryp, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Bäşimdurdy Şadurdyýew bilen duşuşdy. Tejribeli hünärmen oňa Türkmenistanda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak we meşhur bedewleri köpeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi. Gadymy bedewleriň häzirki nesilleri bilen ýüzbe-ýüz tanyşan Nadežda Dubowa häzirki zaman Türkmenistanda — gadymy siwilizasiýalaryň mekanynda — köp asyrlyk atçylyk däpleriniň aýawly saklanylýandygyny we ösdürilýändigini aýratyn mähir bilen nygtady. Şeýle hem ol milli baýlyga edilýän ünsüň uzak geçmişdäki ýaly häzirki döwürde-de ýokary derejededigini belledi. Ýatladyp geçsek, Margiana rus-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň meýdan işleri 20-nji sentýabrdan 30-njy oktýabra çenli Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N. N. Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda baglaşylan täze ylalaşygyň çäklerinde geçirildi. Barlaglar Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky müdirliginiň hem-de «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň we Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda bilelikde alnyp baryldy.