Tanzaniýaly 61 ýaşly Felista Akunaý mundan kyrk ýyldan gowrak öň taşlan orta bilimini almak üçin mekdebe dolanyp bardy. Bu barada ýerli «The Citizen» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. 1982-nji ýylda başlangyç mekdebi tamamlan Felista ene-atasy aradan çykandygy sebäpli okuwyny dowam etdirip bilmändir. Emma bilim almak barada arzuwyny amala aşyrmak üçin ol indi mekdebe dolanyp bardy. 2025-nji ýylda zenan ulular üçin bilim maksatnamasyna girýär, synaglary üstünliki tabşyryp, bilimini dowam etdrýär. Häzir ol Kilimanjarodaky kollejde çagalaryň ösüşini we terbiýesini öwrenýär. Onuň alty çagasy hem-de on bir agtygy bar. Felista okuwa gaýdyp barmak barada arzuwyny ilki ýakynlaryndan we tanyşlardan gizläpdir. Ol daş-töregindäkiler bu isleginden dändererler öýdüp ätiýaç edipdir. Emma ýaşynyň uludygy tanzaniýaly zenana ýaşka ýüz öwürmeli bolan ýürek arzuwyny amala aşyrmaga päsgel bermändir.