Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine pagta ýagy, nah mata we nah ýüplük, pagta süýümi, bugdaý uny ýerlenildi. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 373 million 184 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny «Türkmennebit» döwlet konserni), pagta ýagyny, gazlandyrylan mineral suwuny, witaminleşdirilen alkogolsyz içgileri, buýan köküniň glisirrizin turşulygyny satyn aldylar.