Almatynyň 14 müňden gowrak ýaşaýjysy Gazagystandaky «aýakdan ýykýan ýokanjyň» möwjemesi sebäpli lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutdy. Bu barada «SHOT» telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Ýaýlymyň maglumatlaryna laýyklykda, üç müň töweregi çaga hassahana ýerleşdirildi. Ýokanç degenler birnäçe gün ýokary gyzgynlykdan ejir çekýärler, käbir ýagdaýda bedeniň temperaturasy 40°C ýetýär we pese gaçmaýar. Alamatlaryň arasynda bedeniň agyrmagy, bokurdakdaky agyry, güýçli üsgürme we kelleagyry görkezilýär. Käbir hassalar gaýtarmakdan we içgeçmeden ejir çekýärler. Ene-atalary derman içeninden soňra çagalaryň ýagdaýynyň diňe birnäçe sagat gowulaşýandygyny, emma soňra ýene gyzdyryp başlaýandygyny aýdýarlar. «Ene-atalar ýokanja «aýakdan ýykýan ýokanç» diýip at berdiler diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→