«MiniMax» emeli aň startapyny esaslandyran hytaýly Ýan Szýunsze kompaniýasynyň paýnamalary birdenkä pese gaçandan soňra milliarder derejesini ýitirdi. «Forbes» neşiriniň habarya görä, birnäçe aýyň dowamynda onuň emlägi 90 göterim azaldy diýip, «absatz.media» neşiri ýazýar. «Paýnamalaryň nyrhy geçen annada maýa goýumçylar pullaryny Anthropic kompaniýasyna geçirenlerinden soňra güýçli pese gaçdy» diýip, «UOB Kay Hian» kompaniýasynyň hususy emlägi dolandyrmak boýunça direktory Kennet Go habar berdi. 2026-njy ýylyň ýanwarynda kompaniýa Gonkongyň gazna biržasyna girenden soňra Ýan Szýunsze iň ýaş hytaýly millarder boldy. Şol wagt onuň emlägi 3,2 milliard dollar bahalanýardy. Martda bu görkeziji 12,6 mlrd dollara ýetdi. Emma 20-nji noýabrda telekeçiniň emlägi 959,5 mln dollara çenli azaldy.