Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň şanyna geçirilýän «Amul — Hazar» atly ýörişine gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çägine geldiler. Jeýhuny ýakalap oturan şäherden badalga alyp, Murgap jülgesindäki ýoly külterlän 35 bedewe atlanan, ýurduň ähli welaýatlaryna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýigitler gadymy Ahal ýaýlasynda garşylandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasynyň golaýyndaky 4-nji düşelgede ajaýyp wakanyň şanyna ýaýbaňlandyrylan dabara ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Türkmeniň alty ganat ak öýleri bilen bezelen, küren obany ýatladýan düşelgäni gurşan şatlyk-şowhun, giňden ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli tomaşalar behişdi atlara atlanyp gelen jigitleriň göwnüni göterip, olara özboluşly keýpiçaglyk eçildi. Habarda bellenilişi ýaly, atly ýörişe gatnaşyjylar ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, toý öwüşginli düşelgeden degişli ugur boýunça ýoluny dowam etdiler. Olar sebitiň Kaka we Ak bugdaý etraplarynyň çäklerindäki düşelgelerde hem ruhubelentlikde garşylandy. Welaýatyň çägi boýunça bellenilen 473 kilometr aralygy üstünlikli geçmegi üçin atly ýörişe gatnaşyjylara ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Degişli düşelgeleriň bu ugurdaky ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýörişiň barşynda olar welaýatyň gözel we täsin künjekleri bilen tanyşýarlar, tebigatyň gözelliklerini, bu sebitiň barha özgerýän keşbini synlaýarlar. Ýeri gelende bellesek, atly ýöriş üçin kesgitlenilen umumy geçilmeli aralyk 1 müň 755 kilometrdir. Şonuň 108 kilometri Lebap, 461 kilometri Mary, 473 kilometri Ahal, 33 kilometri Daşoguz, 680 kilometri bolsa Balkan welaýatynyň çäginden geçer.