Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Manipur ştarynda azyndan 18 adam ýasama alkogolly içgiden zäherlenip heläk boldy. Bu barada ANI agentligine salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Habarda bir müňden gowrak adamyň spirtli içgi içip, hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar. Ýerli ýolbaşçylaryň biriniň sözlerine görä, alkogolyň düzüminde metanol bolupdyr. Onuň peýdalanylmagy saglyk, şol sanda böwrek bilen bagly çynlakaý meseleleri döredipdir. Ejir çekenleriň heniz hem hassahanalara ýerleşdirilýändigi, 600-dan gowrak adamyň agyr ýagdaýdadygy bellenýär. ANI agentligi häkimiýetleriň ýaşaýjylara gyssagly lukmanlara ýüz tutmagy, şübheli içginiň gaplaryny zyňmazlygy maslahat berendigini ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→