Italiýaly zergär, «Bulgari» maşgala brendini ýokary modanyň dünýä bazaryna çykaran Paolo Bulgari 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «La Repubblica» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Gazetiň ýazmagyna görä, ol 23-nji noýabrda Rimde ýerlener. Ady tutulan kompaniýany Rime kör köpüksiz gelen Paolonyň atasy, gresiýaly immigrant Sotirio Bulgari esaslandyrdy. Ol 1894-nji ýylda Sistina köçesinde ilkinji kümüş zergärçilik dükanyny açdy. 11 ýyldan soňra Ispaniýanyň meýdançasynyň ýanynda, Kondotti köçesindäki taryhy dükanyny açdy, ol häzirem işleýär. Paolo kompaniýany dogany Konstantino bilen kakasyndan miras alyp, maşgala işini halkara derejä çykardy. «Bulgari» 1960-1970-nji ýyllarda öz bezeg şaý-sepleri kino ýyldyzlarynyň arasynda meşhurlyk gazanandan soňra has-da gülläp ösdi. Kompaniýany 2011-nji ýylda «LVMH» fransuz konserni satyn aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→